DÜNÝÄ

Angliýadan “Sinowak” karary

Angliýa “Sinowak”, “Sinofarm we “Kowaksin” sanjymlary tassyklanan sanjymlaryň sanawyna goşjakdygy mälim edildi. Şeýlelik bilen, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziýa we Hindistan ýaly ýurtlarda bu sanjymlary bolanlar Angliýa syýahat edip bilerler.

Şeýle hem Angliýa döwleti tassyklanan täze görnüşli koronawirus (Covid-19) sanjym sanawyna “Sinowak”, “Sinofarm we “Kowaksin” sanjymlaryny goşar. Ýurduň Saglygy goraýyş ministrliginiň beren beýanynda täze sanawyň 22-nji noýabrda sagat 04:00-dan güýje girjekdigi mälim edildi.

Angliýa mundan ozal “Pfizer-BioNTech”, “Oksford-AstraZeneca”, “Moderna” we “Janssen” sanjymlaryny syýahatçylyk düzgünlerine laýyklykda tassyklady. Tassyklanan sanjymlaryň biri bilen doly sanjym edilen we sanjym şahadatnamasy bolan syýahatçylar, öňünden “Covid-19” testini etdirmezden hem-de karantina girmezden ýurda syýahat edip bilerler. Bu adamlar diňe Angliýa döwletine geleninden 2 gün soň çalt antigen synagyny etdirýärler.

Ýurduň Saglygy goraýyş ministri bu ädimiň syýahatçylyk pudagy we kompaniýalary üçin bähbitli boljakdygyny mälim etdi.

Angliýa döwleti oktýabr aýynda 37 sany ýurduň sanjym şahadatnamalaryny ykrar etdi, ýöne “Sinowak” tassyklanan sanjym sanawynda ýoklugy sebäpli, diňe “Pfizer-BioNTech” sanjymy bolanlara syýahatlarynda amatly şertler döredildi.

 

Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga çagyryldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler