SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Anadolynyñ lezzetli ballary

Müñýylyklardan gözbaş alýan lezzetli türk tagamlarynyñ esasy ylham çeşmesi Anadolynyñ örän baý flora we fauna dünýäsi bolup durýar. Bu bereketli topragyň iň aýratyn önümlerinden biri hem dürli-dümen Anadoly ballarydyr. Türkiýäniň iň lezzetli ballarynyñ ýygnalynýan sebitleri size täsin başdan geçirmeleri wada berýär.

Datçanyñ timýanly, sosnaly we badamly ballary

Egeý we Ortaýer deňziniň suwlary bilen gurşalan Datça ýarym adasy, özüniñ kiçiräk aýlaglary we hoştap howasy bilen tanalýar. Mugla welaýatynyñ bu ajaýyp Datça etrabynda timýanyñ we sosna agaçlarynyñ ysy bark urýar. Sebitde ýetişýän zeýtun we badam agaçlary bolsa etrabyñ bu ugurlarda marka bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem bu ýerde ýetişýän ösümlikleriň gülünden ýygnalan bal diýseñ peýdaly we ýokumlydyr.

Synap görüň: Datçada günüñ dowamynda deñiz suwundan lezzet alyp, ýarym adada ýerleşýän Gadymy Knidos şäherinde günüñ ýaşyşyny synlamagy unutmañ. Bu ýerde biri- birinden tagamly deňiz önümleri bilen dürli gastronomiki açyşlar edip bilersiňiz.

Anzer ýaýlasynyñ ajaýyp baly

Gyrymsy, lipa, kaştan we gyzyl agaçlary bilen ýaşyl begrese bürenen tebigata eýe bolan Türkiýäniň demirgazygyndaky Gara deñiz sebitinde ýerleşýän Rize welaýaty anzer balynyň watany hasaplanýar. Bu bal Kaçkar daglarynyñ etegindäki Anzer ýaýlasynda öndürilýär. 2300-3000 metr belentlikde ýerleşýän ýaýlada dünýäde deñi-taýy bolmadyk meýdan gülleri yetişýär. Kawkaz arylary tarapyndan 50-60 sanysy endemik bolan 400-den gowrak gülüñ tozgajyklaryndan taýýarlanan anzer baly geografiki ýerleşişi bilen hasaba alyndy.

Synap görüň: Ýerdäki jennet bolan Rize şäherine baranyñyzda ýaýlada ertirlik edinmegi, gyzgalaňly çaý hasylyna gatnaşmagy, Fyrtyna çeşmesinde rafting gezelenjine çykmagy, şeýle hem sebitiň meşhur tansy bolan horon tansynyñ ýerine ýetirilişine tomaşa etmegi ýadyñyzdan çykarmañ.

Ýokumly Erzum ballary

Gara deňizden günorta tarap ugur alañyzda sizi Anadolynyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Erzurum şäheri garşy alar. Taryhyñ we tebigatyñ ajaýyp sazlaşygyny emele getirýän bu şäher, Tortum köli, Narman gaýalary we Ispir ýedi köli ýaly tebigy gözellikleri bilen görenleri haýrana goýýar. Şu ýerde ýygnalýan bu şirin nygmatynyñ tapawutly aýratynlygy bolsa, kölleriñ boýlarynda we dag sebitlerindäki öri meýdanlarda ýetişýän özboluşly endemik ösümlikleriñ dürliligi, baý florasy we arassa howasy bilen bagşanşyklydyr. Esasan hem, Garaýazy we Palandöken etraplary bal öndürmekde başarjaňlygy bilen saýlanýarlar. Palandökeniñ baly, sebitde ýetişýän gewen (astragalus) ösümliginden öndürilýändigi üçin gewen baly diýilýär.

Synap görüň: Erzurumdaky Aziziýe we Mejidiýe desgalaryndan şäheri guşuçar beýiklikden synlap bilersiñiz, şeyle hem Çifte minaraly medresäni we Üç kümbetler ýaly taryhy ýerleri görüp bilersiňiz. Mundan başga-da, bu ýerde jag kebaby we kadaýyf dolamasy ýaly ýerli tagamlar size garaşýar.

Meýdan güllerinden Kars baly

Gündogar – syýahatçylyk ekspres otlusynyñ soňky duralgasy şol bir wagtyñ özünde Türkiýäniň meşhur gyş şäheri bolan Kars welaýaty, 100-den gowragy endemik bolan 1600-den gowrak gül ösümligi bolan oazisdir. Şonuň üçin hem Kars baly tebigy arassa önüm bolup, onuň düzümi fermentlere we beýleki peýdaly maddalara örän baýdyr.

Synap görüň: UNESCO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkiýäniň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Karsda ýerleşýän Gadymy Ani şäherine mümkin bolsa gyş paslynda otly bilen baryp görmegi maslahat berýäris. Bu möwsümde ak dona bürenen Karsda şäheriň Baltika arhitekturasyny synlap, meşhur ýerli tagamy bolan gaz etinden agşamlyk nahary edinip bilersiñiz.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklandy

Ata Watan Eserleri

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy