BIZNES

«Amazonyň» peýdasy üç esse köpeldi

Dünýäniň iň iri elektron söwda kompaniýalarynyň biri bolan «Amazonyň» şu ýylyň üç aýyndaky girdejileri geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýarym essä golaý köpeldi.

Has takygy, kompaniýa ýylyň ilkinji üç aýynda, geçen ýylyň şu döwrüne seredende, 44 göterimden köpräk, ýagny 108,5 millard dollarlyk satuwlary amala aşyranynyhabar berdi.

Kompaniýanyň sap peýdasy 8,1 milliard dollara ýetip, geçen ýylyň şu döwrüne seredende 220 göterimden-de köpdür. «Amazonyň» global derejesinde hemme işgärleriniň sany 1 million 271 müňe ýetip, geçen ýyldakydan 51 göterim ýokarydyr.

 

Saud Arabystany syýahat çäklendirmesini ýatyrýar

 

 

 

Related posts

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «Horn Glass Industries AG» kompaniýasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi.

Ýurdumyzda pagta ýygymyna girişiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2022» halkara sergisi geçiriler