BIZNES

“Amazon” 18 müň işgärini işden çykarýar

Dünýä belli “Amazon” kompaniýasy 18 müň işgärini işden çykarýar. Mundan ozal, kompaniýa 10 müň adamyny işden çykarmagy göz öňünde tutupdy. Bu barada onlaýn söwda kompaniýasynyň baş direktpry Endi Jessi habar berdi.

Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa 10 müň adamyny işden çykarmagy meýilleşdiripdi. Bu ýagdaý 2023-nji ýyldaky ykdysadyýetdäki çylşyrymly ýagdaý hem-de soňky 2 ýylda has köp işgär alnandygy bilen baglanyşdyrylýar.

Soňky 2 ýylda kompaniýanyň işgärleriniň sany 2 esse köpeldilipdi. Ol hem koronawirus pandemiýays döwründe onlaýn hyzmatlaryň artmagy bilen baglanyşykly bolupdy.

Koronawirus bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň aýrylmagy bilen kompaniýanyň girdejisiniň ösüşi birneme azaldy.

“The Wall Street Journal” gazetiniň maglumatyna görä, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndaky ýagdaýa laýyklykda, kompaniýada 1,5 million adam zähmet çekýär.

Related posts

“Balkan” zawody koreý kompaniýasy bilen bilelikde gämi gurar

Türkmenistan’da petrolle kirlenmiş kıyılar temizlenecek

vepa

Türkmenistanda izobutan öndürýän desga gurlar

Leave a Comment