BIZNES

“Apple” kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň girdejisi

ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we birža komissiýasynyň habaryna görä, “Apple” kompaniýasynyň baş direktory Tim Kukuň 2021-nji ýyldaky ýyllyk girdejisi 98,7 million dollar diýlip yglan edildi. Kuk bu girdejisi bilen öňki ýyl bilen deňeşdirilende 550 göterim ösüş gazandy.

Her ýylda 3 million dollar zähmet haky alan Kukuň 82 million we 13 million dollarlyk gymmatly kagyzlary hem hasabata goşuldy. Kukuň bu girdejisi bir öňki ýyla garanyňda, 550 göterim köpdür.

ABŞ-nyň meşhur Silikon jülgesindäki ägirt uly tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gazanýan girdejileri barada köp habarlar ýaýradylýar.  “Tesla” kompaniýasynyň baş direktory Ilon Maskyň 2020-nji ýylda “0 dollar” we “Meta” kompaniýasynyň baş direktory Mark Zukerbergiň “1 dollar” aýlygynyň bolandygy mälim edilen döwründe Kukuň girdejisiniň uly bolmagy hemmeleriň ünsüni çekdi.

 

Stiw Jobsuň aýdan parasatly sözleri

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler