PEÝDALY MASLAHAT

Aliment tölemek hakynda şertnama haýsy tertipde baglaşylýar?

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adam bilen ony alýan adamyň arasyndaky meýletin ylalaşyk boýunça, aliment tölemäge borçly adamyň ýa-da aliment alýanyň kämillik ukyby ýok bolan mahalynda – ol adamlaryň kanuny wekilleriniň arasynda baglaşylyp bilner. Kämillik ukyby çäklendirilen adamlar aliment tölemek hakynda şertnamany öz howandarlarynyň razylygy bilen baglaşýarlar.

Aliment tölemek hakynda şertnama aliment tölemäge borçly adamyň, aliment alýanyň we ekläp-saklamak üçin aliment tutulyp alynýan çaganyň maglumatlaryny, alimentiň möçberini, ony tölemegiň şertlerini we tertibini görkezmek bilen ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.

Aliment tölemek hakynda notarial tertibinde tassyklanylan şertnamanyň ýerine ýetiriş namasy ýaly güýji bardyr.

Aliment tölemek hakynda şertnama taraplaryň özara ylalaşygy boýunça islendik wagtda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Aliment tölemek hakynda şertnamanyň üýtgedilmegi ýa-da ýatyrylmagy hökman aliment tölemek hakynda şertnama baglaşylandaky ýaly görnüşde we tertipde geçirilmelidir.

Çeşme : minjust.gov.tm

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bäsleşigi yglan edýär

Türkmenistanly hukukçy Türk döwletleriniň 1-nji Halkara hukuk kongresiniň bilim geňeşine saýlandy

Amerikada zähmet çekmek wizasy (H-1B) resminamalar kabul edişlik başlanýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň wizasy üçin möhüm maglumat

Halaç etrabynyň ýaşaýjylary biometrik pasport üçin Kerki etrap bölümine ýüz tutmaly

“Petronas” kompaniýasyndan boş iş orunlary: buhgalter we lukman