JEMGYÝET

Ahalteke: bedew dünýäsi üçin “Oscar” baýragy — LIFE žurnalynda

Amerikanyň taryhyndaky iň meşhur we abraýly neşirleriň biri bolan “LIFE” žurnaly ýörite sanynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine aýratyn orun beripdir. 2025-nji ýylyň “HORSES: The World’s Most Beautiful Animal” (Atlar: dünýäniň Iň owadan jandary) atly ýörite sanynda ahalteke bedewleri dünýäniň iň owadan, iň gadymy we iň naýbaşy atlarynyň biri hökmünde tanyşdyrylýar.

Ahalteke: At dünýäsiniň ýyldyzy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň wekili tarapyndan iberilen fotosuratlarda görkezilişi ýaly, Amerikadaky dükanlaryň žurnallar bölümi esasy ünsüni “LIFE” žurnalynyň bu sany özüne çekýär.

Žurnalyň makalasynda ahalteke atlarynyň ýalkym saçýan altyn öwüşginli reňkleri, gözel durky, güýçli hem-de çydamly bedeni aýratyn nygtalýar. Ahalteke bedewleri “At dünýäsi üçin Oscar baýragy” bilen deňeşdirilýär.

Şeýle hem, 2010-njy ýylda Moskwanyň Gyzyl meýdanynda geçirilen dabarada türkmen harby gullukçysynyň ak Ahalteke atynyň üstünde geçiren çykyşyna aýratyn üns berilýär. Bu şekil arkaly ahalteke atlarynyň diňe bir gözelligi bilen däl, eýsem kuwwaty, tizligi we çydamlylygy bilen hem dünýäni haýrana goýýandygy görkezilýär.

 

Dünýäde ahalteke atlarynyň baş sanynyň artýandygy bardygy we olaryň aglaba böleginiň ata Watanymyz Türkmenistandadygy aýratyn nygtalýar.

Türkmen bedewlerine goýlan bu belent sarpa türkmen halkynyň müňýyllyk atçylyk medeniýetiniň dünýä derejesinde tanalýandygyny we ýokary hormatdan peýdalanýandygyny tassyklaýar.


LIFE ŽURNALY HAKYNDA:

  • Esasy döredilen ýyly: 1883
  • Amerikanyň we dünýäniň medeniýeti, taryhy, tebigaty hem-de jemgyýetçilik wakalary baradaky täsirli şekiller we makalalar bilen tanalýar.
  • “Photojournalism” – ýagny fotosurat žurnalistikasy boýunça dünýäniň öňdebaryjy neşirleriniň biridir.
  • Häzirki wagtda ýörite tematik sanylar bilen giň okyjylar köpçüligine hödürlenýär.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Parahatçylyk we ynanyşmak marafony” geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-italýan hyzmatdaşlygy üçin täze teklipleri öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berilýär

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy