JEMGYÝET

Ahal we Lebap welaýatlarynda täze mekdepler açylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Onda  täze 2021-2022-nji okuw ýylyna görülýän taýýarlyklar barada hasabat berildi. Welaýatlaryň häkimleri 1-nji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan kompýuterleri gowşurmak boýunça geçirilen işler barada habar berdiler.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň häkimi umumybilim berýän mekdepleriň 5-sininiň ulanmaga beriljekdigini, Lebap welaýatynyň häkimi hem öz hasabatynda täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada aýtmak bilen, welaýatda täze, döwrebap mekdepleriň 2-siniň açylmagynyň meýilleşdirilendigini habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen bagly meselä aýratyn ünsi çekip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda bellenilýän Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň 1-nji synp okuwçylary üçin aýratyn ýatda galyjy waka bolmalydygyny belledi.

 

Tahýalar barada söhbet

Related posts

Premýer-ministr Sudani: Yrak türkmen gazyny almak üçin zerur işler geçirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň Halkara gatnaşyklar institutynda «Açyk gapylar» güni geçiriler

Kulgaraýew: “Türkmenistan – medeniýetiň mesgeni”

vepa