SPORT

Afrika Milletler Kubogy: Salah-Mane

Kamerunda geçirilýän koronawirus sebäpli bir ýyl galdyrylan Afrika Milletler Kubogynda final duşuşygynda oýnajak milli ýygyndylar belli boldy. Bir tarapda Sadio Maneli Senagalyň, beýleki tarapda bolsa Mohammed Salahly Müsüriň ýygyndysy bar.

Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň hüjümçileri Sadio Mane bilen Mohammed Salah finalda duşuşýar.

Sadio Maneli Senagalyň ýygyndysy ýarym finalda Burkino Fasony ýeňmegi başardy.

Beýleki ýarym finalda Müsür bilen ýer eýeleri Kamerun bilen duşuşdy. Esasy wagty 0:0 gutaran duşuşygyň ykbaly 11 metrlik jerime urgulary kesgitledi.

Şeýlelikde, Senegal bilen Müsüriň ýygyndysy finalda duşuşar. Final duşuşygy 6-njy fewralda geçiriler.

Related posts

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri AFC-nyň 2025-nji ýyldaky Kongresine gatnaşdylar

Argentina-Fransiýa finaly: täze rekordlara garaşylýar

“Roma” topary 700 million dollara satyldy