JEMGYÝET

Adalat işgärlerine baýramçylyk sowgady

Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda Türkmenabat şäherinde ýene-de 24 maşgala täze jaýlaryň açarlaryny alyp, bu baýramy täze öýde garşylamak bagtyna eýe boldular. Olaryň ählisi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Lebap welaýat bölüminiň işgärleridir.

“Türkmenistan” gazetiniň habaryna görä, ýaşaýyş jaýyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen çyragy» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar. Baş inžener Bahadur Rahmedowyň gürrüň berşi ýaly, bu bina şu hususy kärhana ynanylan ilkinji ýaşaýyş jaýydyr. Şonuň üçin gurluşykçylar ony uly jogapkärçilik bilen bina etdiler. Binada otaglardaky amatlyklardan başga-da, suw, tebigy gaz, elektrik toguny geçiriş we lagym ulgamlary döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurnalypdyr.

Şäherde migrasiýa, prokuratura we içeri işler edaralarynyň işgärleri üçin gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny-da açyp ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, Watan goragçylarynyň gününi gündogar sebitiň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy işgärleriniň 100-den gowragynyň maşgalasy täze jaýlarda garşylar.

Ýene-de okaň

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Baştutanyny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy