BILIMJEMGYÝET

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde 2020-nji ýylyň 7-14-nji maý aralygynda “Açyk gapylar” güni bellenildi.

“Açyk gapylar” gününiň ilkinji gününde, ýagny açylyş dabarasynda  uniwersitetiň okuw bölüminiň müdiri Nazar Mammedow dabarany açyp berdi. Dabaranyň dowam edýän pursatlarynda bilime, ylma höwesli ýaş zehinlere hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlar üçin edýän taýsyz aladalary, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan uly üstünlikler, ýeňişler, şeýle hem uniwersitetde taýýarlanylýan hünärler, medeni köpçülik çäreler barada giňişleýin gürrüň berildi.

Çärede ýaş zehinleriň başarnyklaryny, ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli sowgatly oýunlar guraldy.  Olara dürli wideo şekilleri görkezildi.

“Açyk gapylar“ gününiň ýapylyş dabarasy hem şeýle şowhunly pursatlar bilen dowam etdi. Okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara hem jogap aldylar.  Bu bolsa ýaş zehinlerde geljekde okamaga, döretmäge has hem höweslendirendir  diýip umyt edýäris.

 

Gülşat Ahunowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň

žurnalistika hünäriniň talyby

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa+ASEAN” formatyny dörediler

Atagulyýew: Türkmenistan ulag geçelgeleriniň ösüşine aýratyn ähmiýet berýär

İlham Aliýew TDG-niň hökümet baştutanlary bilen duşuşdy

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy