DÜNÝÄ

ABŞ-nyň wise-prezidentiniň Azerbaýjana saparynyň senesi belli boldy

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens 10–11 fewralda Azerbaýjana sapar eder. “Report” gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Wensiň metbugat sekretary habar berdi.

Jeý Di Wens 9–10 fewralda Ermenistana, 10–11 fewralda bolsa Azerbaýjana sapar eder.

Belläp geçeliň, ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wensiň Azerbaýjana saparynyň dowamynda oňa ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Jeýkob Helberg ýoldaşlyk eder.

Wens bilen Helbergiň Ermenistana we Azerbaýjana edýän saparlary ABŞ administrasiýasynyň parahatçylyk tagallalaryny, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we abadançylyk ugrunda Tramp geçelgesi” (TRIPP) başlangyjyny öňe sürmäge gönükdirilendir.

Related posts

Azerbaýjan-Türkiýe-Pakistan üçtaraplaýyn sammiti geçirildi

III Merkezi Aziýa parlament forumy: hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

Dubaýyň şazadasy rekord goýdy

vepa