DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýetiniň Dubaýdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

Hususan-da, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň işleri boýunça ministri Mohammad Abdullah Al Gergawi bilen geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň golaýda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmekde hil taýdan täze sahypany açandygy nygtaldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Hökümetiniň arasynda döwletiň ösüşi we döwrebaplaşdyrylmagy babatda tejribe alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Wýetnamyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, esasan, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistanyň bu iri ýöriteleşdirilen düzüm bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenilip, türkmen tarapynyň geljekde-de ählumumy derejede durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge goşant goşjakdygy tassyklanyldy. Doktor Ngozi Okonjo-Iweala, öz gezeginde, ýolbaşçylyk edýän guramasynda Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna we ony durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işlere ýokary baha berilýändigini nygtady.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy