DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald J. Tramp tarapyndan täze Prezidentlik Kararyna gol çekildi. Bu karar, Amerikanyň iň köp ulanylýan “H-1B” daşary ýurtly işçi programmasyna degişli bolup, onuň çäginde täze talaplar girizýär.

H-1B programmasy näme?

H-1B wiza programmasy ýokary bilim we ýöriteleşdirilen hünär (specialty occupation) talap edýän iş orunlary üçin döredilipdi. Ýöne soňky ýyllarda bu programma käbir iş berijiler tarapyndan Amerikan işçilerini has arzan zähmet bilen çalyşmak üçin ulanyldy diýip, resmi beýannamada bellenilýär.

Täze talap – 100 müň dollar töleg

Täze düzgün boýunça, ABŞ-a ilkinji gezek H-1B specialty occupation derejesinde geljek işçiler üçin haýyşnama tabşyran kompaniýalar 100 müň amerikan dollary tölemeli.

  • Bu düzgün 21-nji sentýabr 2025-den başlap 12 aý güýje girýär.
  • Töleg edilmedik ýagdaýynda petisiýalar kabul edilmeýär.

Ýene-de okaň

ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

Seulda türkmen-koreý syýasy geňeşmeleri geçirildi

17-nji aprelde GDA-nyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçiriler

Aşgabat-Seul: konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

Türkmenistan Ýaponiýanyň gadymy paýtagty bolan Nara şäheri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Koreýada türkmen talyplary bilen duşuşdy