JEMGYÝET

ABŞ-nyň daşary işler ministri geljek ýyl Merkezi Aziýada saparda bolar

ABŞ-nyň daşary işler ministri Marko Rubio geljek ýyl Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň hemmesine baryp görjekdigini yglan edip, ABŞ-nyň sebit bilen gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmaga ygrarlylygyny görkezdi.

5-nji noýabrda Döwlet departamentinde geçirilen kabul edişlik dabarasynda çykyş eden Marko Rubio Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrlerine hem-de Gyrgyzystanyň ilçisine ýüzlendi. Benjamin Franklin adyndaky zaldaky çäre 6-njy noýabrda meýilleşdirilen “С5+1” sammitine (Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp gatnaşýan) taýýarlyk boldy.

“Men Merkezi Aziýa geljek ýyl baryp görmekçi. Bu bir hepdelik ýa-da has uzak syýahat bolar, şonuň üçin biz muny bilelikde amala aşyrmaly” diýip, Rubio aýtdy we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen göni hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky ygrarlylygyny nygtady.

Bu beýanatlar Tramp adminstrasiýasynyň daşary syýasat ugruny görkezýär. Rubio-nyň bellemegine görä, bu ugur ABŞ-nyň milli bähbitleriniň onuň hyzmatdaşlarynyň bähbitleri bilen sazlaşygyny ileri tutýar.

Ol sebitiň ykdysady ösüşiniň ABŞ bilen meňzeş taraplaryny hem belläp geçdi: ABŞ-daky innowasiýalar we işewürligiň giňelmegi Merkezi Aziýanyň tebigy serişdelerden daşary ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalary bilen utgaşýar.

Rubionyň aýtmagyna görä, ABŞ öz innowasiýalaryny, işewürligini we önümlerini täze bazarlara ýaýratmak mümkinçiliklerini gözleýär.

Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin bolsa bu, adam maýasyny we tebigy baýlyklaryny peýdalanyp, ykdysadyýetiň dürli ugurlaryny ösdürmek we energiýa hem çig maldan garaşlylygy azaltmak manysyny berýär.

Bu çäre daşary işler ministriniň orunbasary Kris Landau we Senatyň halkara gatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygy senator Jim Riç tarapyndan gurnaldy. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň “С5+1” formatyndaky duşuşygyna taýýarlyk maksady goýuldy.

2015-nji ýylda döredilen bu altytaraplaýyn format ABŞ bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasyndaky howpsuzlyk, söwda we hyzmatdaşlyk boýunça möhüm dialog meýdançasyna öwrüldi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi