DÜNÝÄ

ABŞ bilen Ýaponiýa emeli aň we 6G ugurlarynda hyzmatdaşlyk eder

ABŞ bilen Ýaponiýa emeli aň we kabelsiz ulgamlar, şol sanda 6G tehnologiýasy boýunça hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berdi.

Gazetiň bellemegine görä, resminama ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýaponiýa amala aşyrjak saparynyň dowamynda, ýagny 27-nji oktýabrda başlanjak saparyň çäginde gol çekiler. Ylalaşyk degişli tehnologiýalaryň bilelikde eksport edilmegini we üçünji ýurtlarda, esasanam global Günorta ýurtlarynda infrastruktura döredilmegini göz öňünde tutýar.

Trampyň sapary 27–29-njy oktýabr aralygynda meýilleşdirilendir. ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýanyň täze Premýer-ministri Sanaa Takaiti bilen gepleşik geçirer we imperator Naruhitodan kabul edilmek hormatyna mynasyp bolar.

Bu Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň dowamynda Ýaponiýa edýän ilkinji saparydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi