BILIM

Abdullah Eren türkmen uniwersitetlerinde duşuşyklar geçirdi

 Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde uniwersitete gelmäge wagt tapandygy üçin Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Erene minnetdarlyk bildirdi. Duşuşygyň dowamynda myhmana uniwersitetiň taryhy, gurluşy, amala aşyrýan halkara hyzmatdaşlygy, alyp barýan ylmy işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.

Öz gezegine Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy hoşniýetli arzuwlar hem-de uniwersitetde mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda talyp alyş-çalyş maksatnamalaryny ýola goýmak we ösdürmek özüniň alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýratyn belläp geçdi. Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garnydaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleri bilen degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny nygtady we bu babatda diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleriň amala aşyryljakdygy barada belledi.

Duşuşygyň dowamynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bellenen tertipde ylalaşylan ýagdaýynda Türkiýäniň degişli ýokary okuw mekdepleri bilen mugallym we talyp alyş çalyş, şeýle hem bilelikde ylmy-barlag işleri alyp barmaklygy gurnap boljakdygy barada hem belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar

Türkmenistanyň okuwçylary STEM olimpiadasyna gatnaşýarlar

Türkmen ýaşlary Malaýziýanyň PETRONAS uniwersitetinde bilim alyp bilerler