BILIM

Abdullah Eren Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine baryp gördi

Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde saparda boldy. Bu barada ýokayr okuw edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Uniwersitetden saparda bolan wekiliýetiň agzalary “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezine aýlanyp gördüler. Olar uniwersitetde alnyp barylýan ylmy-barlag işler bilen giňişleýin tanşyp, alnyp barylýan işlere ýokary baha berdiler.

Bulardan başga-da myhamanlar uniwersitetde gurnalan tehnologik sergini synlap mugallymlaryň we talyplaryň alyp barýa nişleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Uniwersitetiň mugallymlary we talyplary Türkiýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde ençeme gezek saparda boldular. Wekilýetiň agzalary geljekde uniwersitet bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek, talyp ýaşlary doganlyk ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim almak okatmak babatda teklipleri berdiler.

Saparyň esasy maksady ýurdumyzyň ýaşlarynyň ençemesine Türkiýäniň inžener-tehnologiýalar ugurly ýokary okuw mekdeplerinde okatmak üçin wekilýet tarapyndan talyp haklary bilen üpjün etmegi ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat.

Şu ýylyň iýun aýynda Türkiýäniň Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş jemgyýetler edarasynyň başlygy Abdullah Ereniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet uniwersitetde talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa geljekde türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan-da beýläk ösdürmäge mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary