BIZNES

«Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti täze taslama amala aşyrar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Related posts

Türkmen Lider’den Çin Devlet Başkanı’na tebrik

vepa

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy artdyrylar