BIZNES

Lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçary satyn alynýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem howa gämileriniň düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen:

«Mi-17-1W» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak;

«ANSAT» kysymly lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek dikuçaryny, onuň ätiýaçlyk şaýlaryny, sarp ediş serişdelerini we zerur enjamlaryny satyn almak, şeýle hem hünärmenleri okatmak barada we dikuçary Türkmenistana getirmek şertinde şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçiriler

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy