DÜNÝÄ

Türk kofesi Germaniýa bardy

Türkiýede 15 ýyldan gowrak iş alyp barýan “Tchibo” kompaniýasy türk kofesini dünýä ýaýratmagy meýilleşdirýär. 1955-nji ýylda Ilkinji dükanyny Germaniýanyň Gamburg şäherinde açan “Tchibo” şereketiniň häzirki wagtda 8 döwletde 22 müňden gowrak dükany bar.

2017-nji ýyldan bäri “Migros” we “Makro” merkezlerinde ýerleşdirilen kofeleri bilen belli bolan bu marka, türk kofesini dünýä belli etmekçi bolýar. 2018-nji ýyldan bäri, 100 grama deň bolan  gaplanan türk kofesi satýar.

“Tchibo” kompaniýasynyň Türkiýedäki baş müdiri Tuba Yapynjak: “Halk tarapyndan uly gyzyklanma bildirilen “Tchibo” türk kofesiniň gaplanan görnüşi ýylyň ahyrynda garaşylanyndan 2 esse köp peýda getirdi. Mundan beýläk Germaniýadaky söwda merkezlerinde-de satylyp başlandy” diýip, mälim etdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Seýşeller Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri