JEMGYÝET

“Tagtlaryň oýuny” filmindäki meşhur aktýor aradan çykdy

Ençeme kinolarda oýnan 90 ýaşly meşhur aktýor Maks Won Sydow Fransiýada öz öýünde aradan çykdy. Bu aktýor diňe bir bu filmde ýer alman, eýsem “Ýyldyzlaryň urşy” atly filminde hem çykyş edipdi.  Onuň aýaly bu aýralygyň özüne agyr degendigini habar etdi.

Maks 2016-njy ýylda “Tagtlaryň oýuny” filmindäki üç gözli Raweniň keşbi boýunça “Primetime Emmy” baýragyna eýe bolupdy.  Ol Golliwudyň ençeme kinorežissýorlarydyr aktýorlary bilen işleşdi. Won Sydow şwesiýaly kinorežissýor Ingmar Bergman bilen “Ýabany ýertudanalary” (1957) we “Ýaşajyk ýaz” (1960) atly filmlerininiň üstünde bile işleşdiler.

Maks 2002-nji ýylda Şwesiýanyň raýatlygyndan çykyp, Fransiýanyň raýatlygyna geçýär. Ol iki gezek  iň gowy aktýor hökmünde “Oskar” baýragyna mynasyp boldy.

Related posts

Türkmen Lideri’nden Yunanistan’a taziye

vepa

Harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak hakynda Permanlara gol çekildi

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär