SPORT

UEFA-nyň Millet ligasyna bije çekildi

Düýn Amsterdam şäherinde Milletler ligasynyň 2020 ― 2021-nji ýyllardaky möwsüminiň bije çekilişik dabarasy boldy. Ýewropanyň milli ýygyndylary üçin ýoldaşlyk duşuşyklary ýaly hyzmat etjek we ýygyndylaryň öz derejelerini bilmäge hem-de ýokarlandyrmaga ýardam etjek bu ýaryş indi ikinji gezek geçirilýär.

Nobatdaky ýaryş, şol bir wagty özünde 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionaty bilen bagly bolar. Diýmek, Milletler ligasynda gazanyljak netije Ýewropa ýygyndylarynyň dünýä çempionatyna gatnaşyp-gatnaşmazlygyna hem täsirini ýetirer.

Halkara ýaryşa Ýewropanyň 55 döwletiniň futbol ýygyndylary gatnaşar. Täze ýaryşda ozalky ýaryşa görä biraz üýtgeşme bolar. Ýagny «A», «B» hem-de «C» ligalarynyň her birini 16 ýygyndy emele getirse, «D» ligada 7 ýygyndy ýaryşar.

Milletler ligasynyň ilkinji çempionynyň Portugaliýanyň ýygyndysy bolandygyny ýatladýarys.

Indi bolsa Milletler ligasynyň 2020 ― 2021-nji ýyllar üçin möwsüminiň bije çekilişiginiň netijeleri bilen tanyş boluň!

«А» ligasy
Birinji toparça: Polşa, Bosnýa we Gersegowina, Italiýa, Niderlandiýa.
Ikinji toparça: Islandiýa, Daniýa, Belgiýa, Angliýa.
Üçünji toparça: Horwatiýa, Şwesiýa, Fransiýa, Portugaliýa.
Dördünji toparça: Germaniýa, Ukraina, Ispaniýa, Şweýsariýa.

«B» ligasy
Birinji toparça: Rumyniýa, Demirgazyk Irlandiýa, Norwegiýa, Awstriýa.
Ikinji toparça: Ysraýyl, Slowakiýa, Şotlandiýa, Çehiýa.
Üçünji toparça: Russiýa, Wengriýa, Türkiýe, Serbiýa.
Dördünji toparça: Bolgariýa, Irlandiýa, Finlandiýa, Uels.

«C» ligasy
Birinji toparça: Azerbaýjan, Lýuksemburg, Kipr, Çernogoriýa.
Ikinji toparça: Ermenistan, Estoniýa, Demirgazyk Makedoniýa, Gruziýa.
Üçünji toparça: Moldowa, Sloweniýa, Kosowo, Gresiýa.
Dördünji toparça: Gazagystan, Litwa, Belarus, Albaniýa.

«D» ligasy
Birinji toparça: Malta, Andorra, Farer adalary, Latwiýa.
Ikinji toparça: San-Marino, Gibraltar, Lihtenşteýn.

UEFA-nyň Milletler ligasynyň senenamasy:
Birinji tapgyr: 2020-nji ýylyň 3—5-nji sentýabry.
Ikinji tapgyr: 2020-nji ýylyň 6—8-nji sentýabry.
Üçünji tapgyr: 2020-nji ýylyň 8—10-njy oktýabry.
Dördünji tapgyr: 2020-nji ýylyň 11—13-nji oktýabry.
Bäşinji tapgyr: 2020-nji ýylyň 12—14-nji noýabry.
Altynjy tapgyr: 2020-nji ýylyň 15—17-nji noýabry.
Final bölegi: 2021-nji ýylyň 2, 3 we 6-njy iýuny.
Saýlama duşuşyklar: 2022-nji ýylyň 24, 25, 28 we 29-njy marty.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi