JEMGYÝET

100 ýaşly zenanyň 25-nji doglan güni

Mälim bolşy ýaly, fewral aýynyň 29-y 4 ýyldan bir gezek gelýär. 29-njy fewralda doglan adamlar doglan günlerini 4 ýylda bir gezek belleýärler. Şeýle ýagdaýlaryň biri 100 ýaşly zenanyň hem paýyna düşdi.

Doris Klif bu gün 100 ýaşynyň dolýandygyna garamazdan, ol ömründe 25-nji gezek doglan gününi belledi. Onuň dostlary, dogan-garyndaşlary oňa garaşylmadyk sowgatlar taýýarladylar. Ol ýaşlygyndan başlap, tä pensiýa ýaşyna çenli saç bejeriji bolup işledi. Doris Klifden žurnalistler uzak ýaşamagyň syry babatynda soranlarynda ol:

— Uzak ýaşamagyň syry ýokumly iýmitleri iýmekde we gündelik ýöremekde— diýip jogap berýär.

Related posts

Ýaponiýaly erkek ministr çaga seretmek üçin rugsada çykýar

vepa

Murat Boz Türkmenistanda konsert berdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlaýarlar