TEHNOLOGIÝA

«Galaxy S20 Ultra» näçe wagtda doly zarýadlanar?

«Samsung» kompaniýasy soňky smartfonlarynda tiz zarýadlanyş ulgamyny üstünlikli ornaşdyryp gelýär. Mysal üçin, «Galaxy S10-lar» 15 watt, «Galaxy Note10-lar» bolsa 25/45 watt energiýa bilen doly zarýadlanýar.

«Terabayt» saýtynyň ýazmagyna görä, «Galaxy S20 Ultranyň» doly zarýadlanmagy üçin 45 watt elektrik energiýasy ýeterlik bolar. Şeýlelikde, onuň 5000 mА/sagatlyk akkumulýatory 45 wattly zarýad beriş enjamy bilen 58 minutda 0 göterimden 100 göterime çenli zarýadlanar.

«Galaxy Note10+»  4300 mА/sagatlyk akkumulýatorynyň 25 waatly zarýad berijide bir sagatdan gowrak wagtda, 45 waatly zarýad berijide bolsa bir sagada ýakyn wagtda doly zarýadlanýandygyny nazarda tutsak, täze netije ozalkylara garanyňda hem has ýokary bolar.

Üstesine, «Galaxy S20 Ultra» «Samsungyň» beýleki smartfonlaryna garanyňda hem zarýady has köp saklar.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi