DÜNÝÄ

Täze ýylda ugur nirä?

«Space.com» portaly 2020-nji ýylda meýilleşdirilýän kosmiki uçuşlaryň sanawyny yglan etdi. Tassyklanan bu sanaw kosmiki kompaniýalaryň şu ýyldaky etsem-goýsamlarynyň jemini düzýär.

Şu ýylyň dowamynda Ýewropa kosmik agentligi (ÝKA) «Solar Orbiter» älem gämisini Güne tarap uçurmakçy. Onuň Günüň orbitasyna 0,284 astronomik birlige, ýagny Merkuriý planetasyndan hem ýakyn barmagyna garaşylýar.

Şu ýyl Mars planetasyna hem älem gämileriniň birnäçesi ugradylar. Olaryň arasynda «Roskosmos» bilen ÝKA-nyň bilelikdäki «EksoMars ― 2020», NASA-nyň «Mars ― 2020» we Hytaýyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň älem gämileri bar. Bularyň ählisiniň iýul we awgust aýlarynda uçurylmagyna garaşylýar.

Şu ýyl Hindistan hem ýeňil topardaky SSLV raketa daşaýjysyny ilkinji gezek synagdan geçirip görmekçi. Hytaý bolsa Aýyň arka tarapynda işlejek «Çane ― 5» taslamasyny dowam etdirer.

ABŞ-nyň Halkara kosmik stansiýasyna astronawtlar «Boeing» we «SpaceX» kompaniýalarynyň «Starliner» hem-de «Crew Dragon» älem gämileri bilen alnyp barlar.

Galyberse, «Virgin Galactic» we «Blue Origin» kompaniýalary şu ýylda älem giňişligine syýahatçylyk gezelençlerini gurnamakçy.

Ýene-de okaň

Halkara Zähmet guramasynyň baş direktory Aşgabatdaky foruma çagyryldy

Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri Tbilisi sebitleýin forumyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri