DÜNÝÄ

Pakistanyň federal ministri Türkmenistanda saparda bolar

Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Husseiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 24-26-njy iýunda Türkmenistanda saparda bolup, iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum mümkinçilikleri boýunça gepleşikler geçirer.

Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň federal ministriniň arasynda geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi.

Taraplar öňde boljak sapar hem-de iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň ugurlary barada pikir alyşdylar.

“Associated Press of Pakistan” neşiriniň habaryna görä, ministr Pakistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Pakistanyň ileri tutýan wezipeleriniň biridigini belläp, bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň ilçisi ikitaraplaýyn söwdany we maýa goýumy ösdürmek üçin bilelikdäki söwda sergilerini guramagy teklip etdi.

Related posts

Meredow bilen Saidow Daşkentde geçirilen atçylyk sporty çärelerine ýokar baha berdiler

Türkmenistan wodorod energetikasyny ösdürmek üçin “Ýol kartasyny” taýýarlamagy teklip edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Katarda ilçihana açýar