DÜNÝÄ

Fewralda çarçuwasyz telewizor satlyga çykar

Koreýa Respublikasyna degişli neşirleriň ýazmagyna görä, «Samsung Electronics» kompaniýasy «Consumer Electronics Show 2020» görkezilişinde özüniň çarçuwasyz telewizorlary bilen tanyşdyrdy. Siziň hem göz öňüne getirişiňiz ýaly, bu telewizorlarda ýekeje millimetrlik hem çarçuwasyz ýok ― tutuşlygyna ekran.

Kompaniýadan berilýän maglumata görä, şeýle telewizorlar eýýäm şu ýylyň fewral aýynda satlyga çykar. Kompaniýanyň çarçuwasyz telewizorlary 65 dýum we ondan hem uly ululykda bolar.

Aýdylyşyna görä, Koreýa Respublikasy şeýle «ekstremal dizaýny» hödürlän dünýädäki ilkinji kompaniýadyr. Täze telewizorlar baradaky has giňişleýin maglumaty bolsa «CES 2020» sergisinde bilip bolar.

Related posts

Türkmen Liderinden Fransa’nın Seçilmiş Cumhurbaşkanına Kutlama

vepa

“Japan + Central Asia” Dialogue was held in Tokyo

vepa

Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy