DÜNÝÄ

Bir gahryman 4 milliard dollar

Bir hepde mundan öň ABŞ-nyň «Hasbro» atly oýunjak öndürýän kompaniýasy 4 milliard dollarlyk aksiýany satyn aldy. Kompaniýa munça mukdardaky puly Kanadanyň «Entertainment One» kompaniýasyndan «Pep atly jojuk» atly köp bölümli multfilmiň baş gahrymanyny ýasamak hukugyny satyn almak üçin harçlady ― «Tengrinews.kz» saýty habar berýär.

«Hasbro» kompaniýasy «Meniň kiçijik Ponim», «Transformerler» we «Monopoliýa» brendleri bilen meşhurdyr. «Pep atly jojuk» multfilmi bolsa 40-dan gowrak dile terjime edildi we ol 180 döwletde görkezilýär. Maglumatlaryň görä, multfilme diňe Hytaýda 34 milliard gezekden köpräk tomaşa edilipdir.

2004-nji ýyldan bäri görkezilip gelinýän multfilmiň baş gahrymanyny ýasamak üçin munça puluň berilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýeterlik gowur döretdi. Bu baha käbir tutuş kompaniýalaryň bahasyndan hem has gymmatdyr. Mysal üçin, Russiýanyň iň iri awiakompaniýasy bolan «Aeroflotyň» bahasy 1,8 milliard dollardyr.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumyny yzygiderli geçirmäge gyzyklanma döredi

Türkmenistan “ýaşyl energiýa” babatda Azerbaýjanyň tejribesini ornaşdyrýar

Putiniň Hytaýa 25-nji sapary: 40 resminama gol çekildi

Türkmenistanyň ilçisi amerikan işewürleri bilen duşuşdy

Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy