DÜNÝÄ

20ýylda tokaý döretdiler

Ynsan tebigaty güle-de öwürýär, küle-de. Braziliýaly suratkeş Sebastian Salgada we onuň aýaly Leliýa mümkinçilikleriň çäkli ýerinde ýaşap hem gudrat döredip, şeýlelikde, bütin adamzada görelde bolarlyk işi amala aşyryp bolýandygyny görkezdiler. 20 ýyl mundan ozal olaryň öýi takyr bir depäniň üstünde ýerleşýärdi. Bu gün bolsa ol öý sürgümme tokaýyň ortarasynda.

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Salgadalaryň maşgalasy Aýmoreş şäheriniň golaýynda özlerine miras galan ýürekgysgynç ýere göçüp gelýärler. Öýüň töwereginde bir mahallar tokaý bolan hem bolsa, ýyllaryň dowamynda onuň agaçlary dürli hajatlar üçin çapylyp alnyp, bu ýerde takyr depeden başga zat galmandyr. Idegsiz galan ýer zir-zibilden dolupdyr. Elbetde, gurakçylyk we topragyň horlanyp, lagar düşmegi, garaz ýaşaýyş üçin ymanyň inçelip-inçelip, üzülere gelmegi hem bularyň üstesine.

Olar birmahallar Riu-Dosi derýasynyň kenarynda gülläp-ösen tebigy mekan bolan bu ýeriň gadymky gözelligini gaýdyp getirmäge 1998-nji ýylda girişdi. “Terra” tebigat institutynyň hünärmenleri bolsa olara ýardama geldiler.

Gürrüň öýüň daş-töwreginde 4-5 düýp nahal oturtmak bilen bagly däl. Salgadalar bu ýerde tutuş 710 gektarlyk tokaýy döretdiler. Wagtyň geçmegi bilen, bu çäge hususy goraghana derejesi hem berildi.

Bu ýerde 20 ýylyň dowamynda 2 million düýp daragt ýetişdirildi. Ösümlikleriň 300-den gowrak görnüşiniň täze ýaşaýyş tapan tokaýynda 172 görnüşli guşa, 33 görnüşli haýwana-da orun tapyldy.

Ýene-de okaň

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar