JEMGYÝET

Ar alyjylar Titanigi gark etdi

“Marwel” kompaniýasynyň “Ar alyjylar: Final” atly filminiň (reŽissýorlary Entoni we Jo Russolar) iki hepdäniň dowamynda toplan girdejisi 2 milliard dollardan geçdi. Şeýlelikde, film bir döwrüň rekordyny goýan we wagtyň geçmegini ornuny «Awatara» beren «Titanigiň» ýygnan girdejisini hem yzda galdyrdy.

«Ar alyjylaryň» bu garaşylmadyk üstünligi barada «Titanigiň» meşhur reŽissýory Jeýms Kemeron şahsy Twitter hasabynda pikirini ýazdy. Onuň sözleri «Titanigiň» we «Ar alyjylar: Finalyň» nyşanynyň bilelikdäki suratynyň ýanynda ýerleşdirilipdir. Olarda şeýle sözler bar: «Kewin we «Marweldäki» ähli adamlar üçin. Buz bölegi hakyky «Titanigi» gark etdi. Meniň «Titanigimiň» gark bolmagyna bolsa «Ar alyjylar» sebäpkär. «Lightstorm Entertainment» studiýasy sizi bu üstünlik bilen gutlaýar. Siz kino sungatynyň öz meşhurlygyny hiç haçan ýitimän, barha rowaçlanyp biljekdigini nobatdaky gezek subut etdiňiz».

Ilkinji gezek 25-nji aprelde ekrana çykan we dünýäniň dürli döwletlerinde görkezilen film 11 günüň dowamynda 2 milliard 189 million dollarlyk girdeji gazandy. Umumy girdejiniň mukdary boýunça «Awataryň» rekordyny täzelemedik hem bolsa, «Ar alyjylar» gysga wagtyň içinde şunça girdeji ýygnap bilen ilkinji film hökmünde rekord goýdy. Ýeri gelende aýtsak, Jeýms Kemeronyň «Awatarynyň» girdejiis 2 milliard 788 million dollar bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen “Petronas” täze önümi paýlaşmak hakynda ähtnama gol çeker

“Agro Pack Turkmenistan-2026” sergisi geçirilýär

«Gadamly» gury ýük gämisi Azerbaýjanda dabaraly garşylandy

Türkmenistanyň Prezidenti “Petronas” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Türkmen işewürleri britan bazaryna çykmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy