JEMGYÝET

Ýapon Milli lybasly Zeýnep bilen söhbetdeşlik

Bugün Paýtagtymyzda Bitaraplyk Baýramy mynasybetli geçirilen halkara sergide Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň taýýarlan sergisine syn etdik. Ol ýerde bize şol ilçihananyň  işgäri Zeýnep Hojagurbanowa, ine, şu maglumatlary ýetirdi.

         –  Bitaraplyk baýramyňyz gutly bolsun, Zeýnep!

         – Sag boluň! Ähli türkmen halkynyň baýramy mübärek bolsun!

         Bu günki sergide Ýaponiýanyň milli lybasyny geýmegiňiz has-da täsirli bolupdyr. Eýsem ol nähili atlandyrylýar?

         – “Kimano” ady bilen ýer ýüzünde tanalýan ýapon milli lybasy häzirki wagta çenli hem öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Kimanonyň şu günki günde has döwrebaplaşan görnüşleri ýoň bolan. Şeýle-de bolsa, olar heran-haçan  Ýaponiýanyň milliligini şöhlelendirýär.

         – Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda nähili köpçülikleýin işler alnyp barylýar?

         – Her bir şanly senä bagyşlanyp, baýramçylyk dabaralary  geçirilýär. Ýaňy ýakynda hem 3-4 gün dowam eden kinofestiwal geçirildi. Galyberse-de, paýtagtymyzda geçirilýän halkara sergilere yzygider gatnaşyp, türkmen halkymyzy, şol sanda dünýä ýurtlaryndan gelýän wekilleri ýapon medeniýeti, sungaty, edim-gylymlary bilen tanyşdyrýarys.

         – Nesip bolsa, nobatdaky Olimpiýa oýunlary Ýaponiýanyň Tokiýo şäherinde geçirilmeli. Oňa ilçihanaňyzdan wekilçilik etjek barmy?

         – Hawa. “Tokiýo 2020” hem golaýda. Dünýäniň sport ussatlaryny özünde jemlejek Olimpiýa oýunlaryna Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri hem gatnaşar. Ol barada has anyk maglumaty hem oýunlara ýakyn wagtda alyp bilersiňiz.

         – Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň, Zeýnep. Işleriňizde üsünlikler ýar bolsun!

         – Sag boluň!

Ýene-de okaň

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar

«Turkmentextile Expo-2025»: ýerli we halkara moda görkezilişi

Ata Watan Eserleri

«Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Tailandy 3:1 hasabynda ýeňdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan: ABŞ-a giriş boýunça çäklendirmeler aşa düşünişmezlik döredýär