DÜNÝÄ

Russiýa–ABŞ–Hytaý taryhyndaky ilkinji sammiti geçirildi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň Şençžende geçirilen Aziýa–Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (APEC) sammitiniň çäklerinde geçiren taryhda ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygy tamamlandy.

Duşuşyk 1,5 sagada golaý dowam etdi. Duşuşygy açyp, Si Szinpin HHR-iň, Russiýanyň we ABŞ-nyň liderleriniň taryhda ilkinji gezek üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmeginiň, onuň pikirine görä, möhüm öňegidişlikdigini belledi.

Ol Pekiniň, Moskwanyň we Waşingtonyň halkara parahatçylygyny üpjün etmek ugrunda bilelikde tagalla etmelidigini aýtdy.

Sammitiň başynda Putin Russiýanyň, ABŞ-nyň we Hytaýyň ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek hem-de halkara hukuk ulgamynyň durnuklylygyny gorap saklamak boýunça bilelikdäki jogapkärçiligini nygtady.

Duşuşykda Russiýanyň döwlet Baştutany ählumumy we sebitara ykdysady gatnaşyklary, energetika hem-de azyk howpsuzlygy meselelerini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

Putin Russiýanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň «özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak ýörelgelerine esaslanyp, konstruktiw we hyzmatdaşlyk ruhunda hereket eden ýagdaýynda» dünýäde howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge goşant goşup biljekdigini nygtady.

Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakowyň bellemegine görä, «geljekde gatnaşyklary, şol sanda iri döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary nähili ýola goýmalydygy, şeýle hem bu iri döwletleriň hyzmatdaşlygynyň umuman dünýäde ýagdaýyň gowulaşmagyna nähili täsir edip biljekdigi barada gürrüň ediler».

Related posts

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti saýlawlardaky ýeňşi bilen gutlady

Ýakynda iň uly meteor ýagmyry

vepa