DÜNÝÄ

Ýakynda iň uly meteor ýagmyry

Biziň maslahatymyz: bu älem hadysasyny deňiňizden geçirmezlige çalşyň. Çünki onuň mundan soň haçan gaýtalanjakdygy belli däl.

Demirgazyk ýarym şarda güýzüň başlananyny birnäçe alamatlar boýunça gördük: sowuk günler, uzyn gijeler we gür ýyldyzlar. Ýylyň bu wagtynda birnäçe gezek meteor ýagmyrlary bolup geçýär. Ýyldyzlar hem has parlak görünýär.

«Tauridler» sözi meteoritleriň birleşmesinden, Toros ýyldyzlar toplumynyň adyndan gelip çykandyr. Tauridler älem giňişligindäki iň uly meteor akymydyr. Ol juda seýrek gaýtalanýan hadysa.

«Mystical Raveniň» ýazmagyna görä, ýakyn günlerde Taurid meteorynyň süýnmegine, gijeki asmanda meteor ýagmyrynyň emele gelmegine garaşylýar.

Related posts

6-njy noýabrda Waşingtonda Merkezi Aziýa – ABŞ sammiti geçiriler

Meredow bilen Lawrow Türkmenistanyň SPIEF-e gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

Emomali Rahmona taekwondo boýunça 9-njy dan derejesi berildi