JEMGYÝET

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Iwanowna Matwiýenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda D.Gulmanowa iki ýuduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-rus gatnaşyklarynyň täze derejelere çykýandygyny belledi. Deňhukuklylyk, ynanyşmak, birek-birege hormat goşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan bu dostlukly gatnaşyklaryň çäklerinde iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyň hem täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, has netijeli häsiýete eýe bolýandygyny aýtdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň iki taraplaýyn gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň esasynda ösýändigini uly kanagatlanma bilen bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze badalga berjekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşykda häzirki döwürde GDA-da halkara hukugyň ornunyň ýokarlandyrylmagyna, milli hukuk ulgamlarynyň ýakynlaşdyrylmagyna hem-de özara hukuk kömeginiň berilmeginiň mehanizmleriniň ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berilýändigi bellenildi. Bu ugurdaky maksatlaryň raýatlaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak, döwletara hukuk hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak nukdaýnazaryndan uly ähmiýete eýedigine, Arkalaşygyň ýurtlarynyň parlamentleriniň öňünde milli kanunçylygy kämilleşdirmek, GDA-nyň çäginde kabul edilýän model kanunlary hem-de döwletara ylalaşyklary özara sazlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyna üns çekildi.

Taraplar duşuşykda Türkmenistanyň Mejlisinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagy ösdürmek bilen bagly meseleler barada özara pikir alyşdylar.

Related posts

Erdoğan ve dünya liderlerinden Bağımsızlık kutlaması

vepa

Dünya Sambo Şampiyonası Aşkabat’ta

vepa

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar