Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň ikitaraplaýyn duşuşygy 48 minut dowam etdi. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar agentligi habar berýär.
Gepleşikler Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilýän Aziýa–Ýuwaş umman ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (APEC) sammitiniň esasy geçirilýän ýerinde — Halkara alyş-çalyş merkezinde boldy.
Russiýa tarapyndan duşuşyga Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Prezidentiň kömekçisi Ýuriý Uşakow, maliýe ministri Anton Siluanow, şeýle hem Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew gatnaşdy.
Bu duşuşyk iki döwletiň Baştutanlarynyň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Ankorij şäherinde geçirilen sammitden bäri ilkinji duşuşygy boldy.
Donald Tramp üçtaraplaýyn duşuşyga uly sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny mälim etdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Russiýanyň Lideri Wladimir Putin bilen köp ýyllaryň dowamynda örän gowy gatnaşyklary saklap gelýändigini nygtap: «Biziň köp ýyllaryň dowamynda örän gowy gatnaşyklarymyz bar, biz birek-biregi köp wagtdan bäri tanaýarys» diýip belledi.
Şeýle hem Donald Tramp Wladimir Putin bilen geçiriljek duşuşygyň netijesinde möhüm we oňyn netijeleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
«Meniň pikirimçe, bu duşuşygyň netijesinde örän köp gowy zatlar bolup biler ýa-da iň bolmanda, olaryň amala aşmagy başlanyp biler. Men olaryň hökman amala aşjakdygyna ynanýaryn» diýip, amerikan Lideri aýtdy.
ABŞ-nyň Prezidenti duşuşygyň örän netijeli geçjekdigini hem nygtady:
«Bilşiňiz ýaly, soňrak biziň ikinji duşuşygymyz hem meýilleşdirilýär. Emma häzir biz şu duşuşygy geçireris we ol örän gowy geçer» diýip, Donald Tramp belledi.
Donald Tramp Ak tama gaýdyp geleninden soň, Russiýanyň we ABŞ-nyň Liderleri telefon arkaly yzygiderli gepleşikleri geçirip geldiler. 2026-njy ýylyň başyndan bäri iki döwletiň Baştutanlary telefon arkaly alty gezek söhbetdeş boldular. Olaryň soňky, bir ýarym sagat dowam eden telefon arkaly gepleşigi şu ýylyň 9-njy oktýabrynda geçirildi.
Şeýle hem şu gün, 19-njy noýabrda, Russiýanyň, Hytaýyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Liderleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
