JEMGYÝET

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 16-njy noýabrynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahat 2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Duşenbe şäherinde geçirilen bu formatdaky döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen 2025–2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.

Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleri bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirilýändigi, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy we Merkezi Aziýa döwletleri bilen giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Related posts

«Türkmenistan-Beýik Britaniýa medeni dialogy» atly täze formaty döretmek teklip edildi

Ata Watan Eserleri

Liwerpulyň ynanylmajak üstünligi

vepa

Russiýanyň Konsullyk gullugy raýatlary kabul edip başlar