TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekilleri Waşingtonda geçirilen tehnologik foruma gatnaşdylar

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ýazmyrat Gulmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 13-nji noýabrda ABŞ-nyň Waşington şäherinde geçirilen 2026-njy ýylyň Ynamdar Tehnologiýalar sammitine (Trusted Tech Summit 2026) gatnaşdy.

Purdue uniwersitetiniň garamagyndaky Kreç Tehnologik diplomatiýa instituty tarapyndan guralan forum Ronald Reýganyň Halkara söwda merkezinde geçirildi. Çäre dünýäniň öňdebaryjy bilermenlerini, diplomatlaryny, döwlet edaralarynyň wekillerini we iri tehnologiýa korporasiýalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.

Çärä gatnaşyjylaryň hatarynda ABŞ-nyň Baş tehnologiýa işgäri Maýkl Kratsios, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rogers hem-de Cisco kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çak Robbins hem bardy.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklaryny emeli aňyň, kwant we kosmos tehnologiýalarynyň ösdürilmegi, şeýle hem kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we ygtybarly sanly çözgütleri ornaşdyrmak maksady bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri düzdi.

Sammitiň işine gatnaşmak Türkmenistanyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem ABŞ we beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda nobatdaky möhüm ädimi boldy.

Related posts

“Türkmenpoçta” aragatnaşyk kompaniýasy Bütindünýä poçta birleşiginiň halkara sanly ulgamyna birikdiriler

İnternet şarlary arkaly hyzmat

Aşgabatda «Yutong» kysymly sowadyjyly ýolagçy awtobusy synag edilýär