TEHNOLOGIÝA

İnternet şarlary arkaly hyzmat

“Google” kompaniýasyna degişli “Loon” firmasy Keniýanyň oba ýerlerinde ýaşaýan müňlerçe adama internet şar taslamasy bilen 4G internet hyzmatyny berip başlady.

“Loon”  şereketiniň uly dolandyryjysy (CEO) Alasonir Westgarth jemgyýetçilik tory arkaly beren beýanatynda taslamanyň hyzmatdaşy bolan “Telkom Kenya” kompaniýasynyň abonentleriniň asmana uçurylan şarlar arkaly internet hyzmatyny alyp başlandyklaryny aýtdy.

Bu taslama arkaly ýurduň günbatar we merkezi sebitlerinde takmynan, 35 sany şar arkaly 50 müň inedördül kilometr araçäkde internet hyzmaty berler. Synag hökmünde amala aşyrylýan hyzmatyň çäklerinde 35 müň ulanyjy internet ulgamyna birikdirildi. Şeýle hem olaryň wideoşekilli hem gürleşmegi üçin mümkinçilikler döredilip başlandy.

Gün energiýasy bilen işleýän şarlar arkaly berilýän internetiň tizligi 18,9 megabit/sekunt göçürip almak, 4,7 megabit/sekunt ibermek tizligine eýedir.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar