BILIM

Türkmenistan MAGATE bilen bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Türkmenistanyň wekilleriniň Halkara atom energiýasy agentliginiň (MAGATE) Ýadro energetikasy departamentiniň meýilleşdiriş, maglumat we bilimleri dolandyrmak bölüminiň direktory Wei Huang bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga degişli beýleki edaralaryň ýolbaşçylary bilen birlikde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we atom hem-de radiasiýa tehnologiýalaryny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak boýunça ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak, ilkinji nobatda saglygy goraýyş, şeýle hem oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bilim ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik başlangyçlary esasynda ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berdi. Şunda döwrebap lukmançylyk infrastrukturasyny ösdürmäge, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga we innowasion tehnologiýalary netijeli ulanmaga ukyply milli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Bu işleriň aýdyň mysaly hökmünde 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde açylan 500 orunlyk Halkara ylmy-kliniki onkologiýa merkezi görkezildi. Merkez pozitron-emission we bir fotonly emission kompýuter tomografiýasynyň döwrebap ulgamlary, ýokary takyklykly şöhle bilen bejermek, radiosirurgiýa hem-de radiofarmasewtika tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu usullaryň ornaşdyrylmagy onkologik keselleri irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek mümkinçiliklerini giňeltmäge, şol bir wagtyň özünde lukmançylyk hünärmenleriniň hünär taýýarlygyna bildirilýän talaplary ýokarlandyrmaga şert döredýär.

Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde şöhle diagnostikasy, şöhle terapiýasy we onkologiýa kafedrasynda degişli hünärmenleriň taýýarlanylýandygy, kliniki ordinatorlaryň okuwynyň guralýandygy we işleýän lukmanlaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylýandygy bellenildi. Döwrebap ylmy-kliniki merkezleriň ösdürilmegi lukmançylyk bilimi, ylmy barlaglar we kliniki tejribe ugurlarynyň özara utgaşdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.

2016-njy ýyldan bäri MAGATE-niň agzasy bolup durýan Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygy, onkologik keselleri anyklamak we bejermek, hünärmenleri taýýarlamak hem-de degişli infrastrukturany ösdürmek boýunça Agentlik bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeldýändigi nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda öňe süren «Atoms for LLDCs» («Deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlar üçin atom energiýasy») atly halkara başlangyjynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Bu başlangyç Awaza hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň atom ylmynyň parahatçylykly gazananlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.

Öz gezeginde MAGATE-niň wekili Agentligiň agza döwletlere bilim ulgamyny we işgärler kuwwatyny ösdürmekde ýardam bermek boýunça mümkinçilikleri barada maglumat berdi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly gurallarynyň hatarynda ýöriteleşdirilen bilim maksatnamalary, halkara tejribelikler, bilermenler toparlarynyň saparlary, ýadro bilimlerini dolandyrmak maksatnamalary, sanly bilim çeşmeleri, şeýle hem uniwersitetleriň we ylmy merkezleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk görkezildi. MAGATE-niň ýadro lukmançylygy, lukmançylyk fizikasy, şöhle terapiýasy we radiasiýa goragy ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksatnamalary, şol sanda «Rays of Hope» («Umyt şöhleleri») başlangyjynyň çäklerinde amala aşyrylýan işler hem aýratyn gyzyklanma döretdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, türkmen hünärmenleriniň hünär taýýarlygyny we hünär derejesini ýokarlandyrmak mümkinçiliklerini giňeltmäge, ylmy-bilim tejribelerini alyşmaga hem-de bilelikdäki bilim başlangyçlaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmäge özara gyzyklanma bildirdiler.

Ýaş nesliň ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamakda we atom ylmynyň parahatçylykly gazananlaryny ilatyň saglygynyň hem-de abadançylygynyň, ylmy-tehnologik ösüşiň we durnukly geljegiň bähbidine iş ýüzünde ulanmakda milli bilim ulgamynyň kuwwatyny MAGATE-niň halkara tejribesi bilen utgaşdyrmagyň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Related posts

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi: Talyp: 2021

vepa

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň uniwersiterlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy