Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Taraplarynyň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde, Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýew bilen Merkezi Aziýanyň Daşky gurşawy we howanyň üýtgemegini öwrenmek boýunça uniwersitetiniň (Özbegistan Respublikasyndaky Green University) rektory, professor Bahtiýor Pulatowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ekologik bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýaşyl ykdysadyýet üçin hünärmenleri taýýarlamagyň, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmegiň hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bilim ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik başlangyçlary esasynda ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler barada gürrüň berdi. Şunda ýaş nesliň ekologik medeniýetini kemala getirmäge, ylmy-bilim kuwwatyny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine durnuklylyk, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ýaşyl tehnologiýalar babatda döwrebap başarnyklara eýe bolan ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyňň COP31 Liderler sammitinde öňe süren Türkmenistanyň täze halkara başlangyçlarynyň, şol sanda Aşgabat howa dialogyny döretmek, Howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny işläp taýýarlamak we howa tehnologiýalaryny hödürlemek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek baradaky teklipleriniň aýratyn ähmiýeti bellenildi.
Şeýle hem 2027-nji ýylda işe başlamagy meýilleşdirilýän Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň ähmiýeti nygtaldy. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň döwletleriniň arasynda ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.
Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda COP31-iň çäklerinde bilim ministri tarapyndan gol çekilen Çagalar, ýaşlar we howa hereketleri baradaky Jarnama goşulmagy aýratyn bellenildi. Bu ädim ählumumy howa meselelerini çözmekde bilimiň we ýaşlaryň ornuny pugtalandyrmak boýunça ýurduň yzygiderli alyp barýan işleriniň beýany bolup durýar.
Öz gezeginde professor Bahtiýor Pulatow Green University-niň durnukly ösüş, ekologik dolandyryş, ýaşyl ykdysadyýet, aýlawly ykdysadyýet tehnologiýalary, howa barlaglary we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ugurlarynda ýöriteleşen sebit ylmy-bilim merkezi hökmünde alyp barýan işleri barada maglumat berdi.
Taraplar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny guramak, akademiki alyş-çalyşlary ýola goýmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, amaly ylmy barlaglary geçirmek we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine aýratyn üns berdiler. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda suw serişdelerini dolandyrmak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemegine gözegçilik etmek, geoinformasion tehnologiýalary ulanmak we ykdysadyýetiň ekologik taýdan durnukly ösüşi üçin hünärmenleri taýýarlamak meseleleri bellenildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar iki ýurduň bilim we ylmy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga hem-de ekologik bilimi, ylmy barlaglary we Merkezi Aziýanyň işgärler kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
