SPORT

Ronaldodan soňra Portugaliýa ýeňildi

Milletler ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bäşinji oýnunda Portugaliýanyň milli ýygyndysy öz meýdançasynda Daniýanyň ýygyndysyndan 1:4 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk Braga şäherinde geçirildi.

Ýeňiji toparyň düzüminde Pýer-Emil Hýoýberg (43-nji minutda, penalti urgusyndan), Rasmus Hýoýlund (50-nji we 57-nji minutlarda) hem-de Ýoahim Andersen (75-nji minutda) gol geçirdi. Portugaliýanyň ýygyndysynyň düzüminde bolsa Bernardo Silva (90+4-nji minutda) tapawutlandy.

Bu duşuşyk Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi, hüjümçi Kristiano Ronaldonyň milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlaýandygyny yglan etmeginden soňky ilkinji oýny boldy. Duşuşyk başlamazdan öň futbolçylar meýdança Ronald0nyň şekili bolan köýnekçelerde çykdylar, janköýerler bolsa münberlerde «Sag bol, kapitan!» diýen ýazgy bilen uly möçberli çykyş guradylar.

Ronaldo Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempiony we Milletler ligasynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Şeýle hem ol milli ýygyndylaryň taryhynda we Ýewropa çempionatlarynda geçirilen oýunlarda iň köp gol geçiren futbolçy hökmünde rekordlaryň eýesidir.

Bu ýeňişden soň Daniýanyň ýygyndysy 9 utuk toplap, 4-nji toparçada ikinji orna çykdy we Norwegiýanyň ýygyndysyndan öňe geçdi. Norwegiýa 6 utuk bilen üçünji orunda ýerleşýär. Norwegiýalylar öz meýdançasynda Uelsiň ýygyndysyny 4:3 hasabynda ýeňdiler. Uelsiň ýygyndysy bolsa 3 utuk bilen dördünji orunda.

Portugaliýanyň ýygyndysy 12 utuk bilen toparçada öňdeligi eýeleýär we mundan öň Milletler ligasynyň çärýek finalyna çykmagy kepillendiripdi.

Altynjy, jemleýji tapgyrda Daniýanyň ýygyndysy 17-nji noýabrda öz meýdançasynda Norwegiýany kabul eder. Portugaliýa bolsa şol gün myhmançylykda Uelsiň ýygyndysy bilen duşuşar.

Milletler ligasynyň ýokary diwizionynyň her toparyndan iň gowy netijäni görkezen iki ýygyndy çärýek finala çykýar. Iň soňky orny eýelän ýygyndylar derejesi boýunça ikinji diwizione düşýärler. Üçünji orny eýelän toparlar bolsa indiki möwsümde ýokary diwizionda çykyş etmek hukugy ugrunda ikinji diwizionda ikinji orny eýelän ýygyndylar bilen geçiş duşuşyklaryny geçirýärler.

Related posts

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Tokio-2020: Azerbaýjan Tokiodaky ilkinji medalyny gazandy

Türkmen hokkeýçileriniň Hytaýdaky uly hasaply ýeňişleri

Ata Watan Eserleri