SPORT

Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide RAF ligasyndaky tutluşygynda ýeňildi

Türkmenistanly erkin göreşçi Alp Arslan Begenjow Abu-Dabide geçirilen “Real American Freestyle” (RAF) ýaryşynyň çempionlyk ugrundaky tutluşygynda ýeňlişe sezewar boldy. Onuň garşydaşy amerikaly Kaýl Deýk bolup, duşuşyk Deýkiň 10:0 hasabynda gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.

Ýaryş 14-nji noýabrda Ýas adasyndaky “Etihad Arena” sport toplumynda geçirildi. Agyr agram derejesinde (Cruiserweight) liganyň häzirki çempiony bolan Deýk öz çempionlyk kemerini gorap saklamagy başardy.

20 ýaşly Begenjow üçin bu RAF ligasyndaky ilkinji çykyş boldy.

Alp Arslan Begenjow: Türkmenistandan bolan, 20 ýaşly halkara derejeli türgen bolup, eýýäm dünýäniň iň geljegi uly ýaş erkin göreşçileriniň biri hökmünde özüni tanatmagy başardy. Göreşde kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak we garşydaşyny ýere ýykmak usullaryny netijeli ýerine ýetirmek ukyby bilen tapawutlanýan Begenjow öňki U20 dünýä çempiony, U23 Aziýa çempiony hem-de 2026-njy ýylyň U20 dünýä çempionatynyň bürünç medalynyň eýesidir. Ol ýaşlygyna garamazdan, täsirli sport üstünlikleriniň sanawyny toplady we Kaýl Deýk üçin çynlakaý garşydaş bolup biljek köp sanly artykmaçlyklara eýedir.

Türkmenistanly ýaş we ösüp barýan ýyldyz türgen Alp Arslana geljekki ýaryşlarda täze ýeňişleri we üstünlikleri arzuw edýäris.

Related posts

Gurban Berdiýew türkmen hüjümçisini synagdan geçirýär

Tokiodaky Olimpiýa şäherçesi işläp başlady

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 3 ýurtda geçiriler

Ata Watan Eserleri