JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Depegum» atly söwda merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda gurulýan söwda merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideriniň garamagyna söwda merkeziniň bölümleri, içki we daşky bezegleri, merkeziň yşyklandyryş ulgamy barada giňişleýin maglumat berýän şekil taslamalary görkezildi. Görkezilýän şekil taslamalary we olaryň özboluşly aýratynlyklary barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hasabat berdi. Taslamalaryň hatarynda «Depegum» atly söwda merkeziniň umumy görnüşiniň, merkeziň esasy girelgesiniň, onuň işewürlik toplumynyň, täjirçilik merkeziniň hem-de söwda merkeziniň umumy eýwanynyň, interaktiw kitaphananyň, 5D kinoteatryň we ýerüsti pyýada geçelgäniň taslamalary hem-de olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bar.

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadag täze söwda merkeziniň seýsmiki howpsuzlyk babatda bolşy ýaly, onuň çäk taýdan örän amatly künjekde ýerleşendigini belledi. Merkeziň golaýynda «Garagum» myhmanhanasy, Halkara howa menziline barýan ulag ýoly, «Jahan» döredijilik merkezi, umumybilim berýän mekdep we ýaşaýyş toplumlary bar. Bu bolsa söwda merkeziniň gelim-gidimli bolmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, täze söwda merkeziniň binalarynyň guşuçar belentlikden ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän keşbiniň bolmagynyň we merkeziň daşky we içki bezeg işlerinde reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmeginiň esasy talap hökmünde kesgitlenendigini aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.

Şeýle hem bu ýerde täze söwda merkeziniň gurluşygy ynanylan «Rönesans Holding» kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory merkezde ornaşdyryljak LED ekranlary we binalaryň yşyklandyryş ulgamy hem-de onuň bezeg aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat berdi.

Gahryman Arkadag görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, ýurtda gurluşyk we bezeg işleri amala aşyrylanda, ilkinji nobatda, milli ýörelgelere möhüm ähmiýet berilmelidigini, şol bir wagtyň özünde binalaryň bezeginde yşyklandyryş ulgamynyň sanlylaşdyrylmalydygyny we dünýäniň ösen tejribesine laýyk gelmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Related posts

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmen hokkeýçisi Şweýsariýada

vepa

Aşgabat-Astana: resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri