Türkmenistanyň wekiliýeti Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde geçirilen Aziýa–Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň (ABU) 63-nji Baş Assambleýasynyň işine gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde ýöriteleşdirilen duşuşyklaryň, ugurdaş maslahatlaryň we medeni çäreleriň giň toplumy geçirildi. Halkara mediaforum dünýäniň 66 ýurdundan 225 media guramasynyň 350-den gowrak wekilini bir ýere jemledi. Bu çäre ählumumy maglumat giňişligini ösdürmekde we hünär gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm waka boldy.
Maksatnamanyň iň täsirli çäreleriniň biri Stein Studios merkezinde geçirilen 15-nji halkara teleýaýlym aýdym-saz festiwaly — ABU TV Song Festival 2026 boldy. ABU-nyň bu taslamasy gatnaşyjy ýurtlaryň aýdym-saz sungatyny, milli medeniýetini we döredijilik mümkinçiliklerini halkara derejesinde giňden wagyz etmäge gönükdirilendir.
🇹🇲 Festiwalyň sahnasynda Türkmenistana ýurduň at gazanan artisti Annaberdi Orazmämmedow «Arkadagly Serdarym» atly aýdymy bilen wekilçilik etdi. Çykyşynyň netijesinde türkmen aýdymçysy festiwalyň ýadygärlik nyşanyna we diplomyna mynasyp boldy.
Aziýa–Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşiginiň işjeň agzasy bolan Türkmenistan ilkinji gezek ABU TV Song Festival festiwalyna 2017-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasyndaky Çendu şäherinde gatnaşypdy.
