Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan 2026-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça Azerbaýjana sapar eder.
Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Kommunikasiýalar müdirliginiň başlygy Burhanettin Duran özüniň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berdi.
Saparyň çäklerinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçiriler.
Duşuşykda Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem döwlet Baştutanlary sebit we dünýä derejesindäki wakalar boýunça pikir alşarlar.
Çeşme: Burhanettin Duranyň X sosial ulgamyndaky resmi beýanaty.
