Gazagystanda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Astanada «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugyna bagyşlanan Akaba prosesiniň sammiti geçirilýär. Bu barada “Kazinform” agentligi Akorda salgylanyp habar berýär.
Sammitiň işine Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II bin Al-Huseýn, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa, Gyrgyzystanyň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew we beýleki resmi adamlar gatnaşýarlar.
Akaba prosesi — 2015-nji ýylda Iordaniýanyň Patyşasy Abdalla II bin Al-Huseýn tarapyndan öňe sürlen, dürli wehimlere we howplara garşy göreşmek ugrundaky halkara başlangyçdyr.
Bu platformanyň çäklerinde döwlet Baştutanlary, ýörite gulluklaryň, harby edaralaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary emeli aň ulgamyndaky umumy düşünjäni kemala getirmek hem-de olara garşy göreşmek boýunça amaly çäreleri ylalaşmak maksady bilen bir ýere jemlenýärler.
