Wengriýa bilen ABŞ Amerikanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny (STG) Ýewropa ibermek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdi.
Bu barada Wengriýanyň daşary işler ministri Anita Orban Waşingtonda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen geçiren duşuşygynyň netijeleri boýunça “Facebook” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
«Biz ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça iki möhüm ylalaşyga gol çekdik. “Trump Peace Pipelines Framework” ylalaşygynyň çäklerinde tebigy gazy we çig nebiti daşamak üçin sebit infrastrukturasyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygymyzy pugtalandyrýarys. Ikinji ylalaşyk hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda maglumatlary alyşmaga gönükdirilendir» diýlip, habarda bellenilýär.
“Trump Peace Pipelines Framework” maksatnamasy Merkezi we Gündogar Ýewropada energetika infrastrukturasyny ösdürmäge, şol sanda gaz geçirijiler ulgamyny giňeltmäge hem-de Amerikanyň suwuklandyrylan tebigy gazyny kabul etmek üçin zerur bolan kuwwatlyklary döretmäge gönükdirilendir.
