DÜNÝÄ

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrowyň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

2026-njy ýylyň 20-nji iyulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşigiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň gün tertibinde duran birnäçe meseleler maslahatlaşyldy.

«Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň ynsanperwer ulgamyndaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunda birnäçe bilelikdäki bilim we medeni taslamalary öňe sürmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň wajyplygy bellenildi» diýlip, DIM-niň metbugat üçin habarynda aýdylýar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary şeýle hem öňde boljak duşuşyklar, şol sanda 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tutulýan iň ýokary we ýokary derejedäki köptaraplaýyn çäreler barada hem durlup geçildi.

Telefon söhbetdeşligi rus tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.

Related posts

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň täze Konsepsiýasy taýýarlanar

Russiýanyň daşary işler ministri Lawrow Aşgabada gelýär