BIZNES

«Ata Watan Media» Mobidic Group kompaniýasynyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirdi

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) atly 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde «Ata Watan Media» topary Mobidic Group kompaniýasynyň wekili Hamid Felokori bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda kompaniýanyň işine, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky maýa goýum mümkinçiliklerine üns çekildi.

Ermenistanda ýerleşýän Mobidic Group halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň biridir. Kompaniýanyň resmi internet salgysy — www.mobidicgroup.com.

Söhbetdeşlikde kompaniýanyň Türkmenistan bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Ata Watan Media» toparynyň taýýarlan söhbetdeşligi @atavatanturkmen Instagram sahypasynda we @atawatanhabarlary TikTok hasabynda tomaşaçylara ýetirildi.

«Ata Watan Media» halkara serginiň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeşliklerini dowam etdirýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Eýran swop gaz ibermegiň möçberini artdyrýar

Gazagystan bilen Özbegistan 2 milliardlyk şertnama baglaşdy

Dünýäniň iň baý maşgalalarynyň sanawy belli boldy